Elektron kitaplaryň ähmiýeti

21 Ýanwar 2021
2653

Häzirki maglumat tehnologiýasy asyry adamzat ýaşaýşynyň ähli ugurlaryna düýpli özgerişlikleri getirdi. Global internet tory okyjylara sanalgyja sekuntlarda islendik kitaby alyp okamaga mümkinçilik berýär. Kitaplaryň elektron görnüşiniň zerurlygy, öndürijileri talabalaýyk täze tehnologiýalary oýlap tapmaga alyp bardy. Netijede, «Kindle» atly enjamlaryň täze görnüşleri oýlanyp tapylyp, ýazgylar gaty pigment bölejiklerde, mikrogurluşly materialda — süýümden edilen kagyz ýaly materialyň ýüzünde peýda bolýar.

Aşagyndan ýagtylyk berilmegini talap edýän, ozaldan ulanylyp gelýän matrisa ekranlara garanyňda, ähli zat adaty kagyzyň ýüzünde bolup geçýär. Şeýle enjamlarda energiýa diňe şekiller zarýady bolmazdan hem uzak wagtlap saklanyp galýar. «Kindle»-leriň beýleki möhüm artykmaçlygy görüş aralygy bolup, ol adaty kagyzlaryň görüş aralygy bilen deňdir.

Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.