Nagyşlary özboluşly şaý-sepler

19 Ýanwar 2021
3597

Türkmeniň zergärçilik sungaty älemgoşar ýaly köp görnüşlidir. Ol milli sungatymyzyň düýp mazmunyna, onuň döreýiş we ösüş taryhyna düşünmäge ýakyndan ýardam edýär.

Ata-babalarymyz şaý-sepleri, esasan, kümüşden ýasapdyrlar. Sebäbi kümşüň saglyga peýdasy gadymdan bäri mälimdir. Kümüş köp kesel döredijileri ýok edýär, bedeniň gan aýlanyşygyny sazlamaga kömek edýär. Zergärler aýal-gyzlar, atlar üçin örän ajaýyp şaý-sepleri ýasapdyrlar. Gyzlara, gelinlere, ýaşy durugşan zenanlara ýaşyna görä şaýlar ýasalypdyr. Gupba, çekelik, sümsüle, kökenli ýüzük, apbasy gyzlara degişli şaýlar bolsa, asyk, saçýüzi, maňlaýlyk, bilezik, çapraz-çaňňa gelinlere degişli şaýlar hasaplanypdyr. Ýaşy birçene baran zenanlar düwmeleri, şelpeleri bolmadyk tumar, heýkel, bent ýaly şaýlary dakynypdyrlar. Şaý-sepler çagalara-da dakylypdyr. Oglanjyklar üçin ok-ýaý şekilli şaýlar, gyzjagazlar üçin düwmeler, dogaçyr ýasalypdyr.

Baýrambike SAPAROWA,
TMÝG-niň Serdar etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.