Uly joşgun bilen

18 Ýanwar 2021
1568

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar boýunça ajaýyp ýeňişlere beslenýän ýurdumyz ösüşleriň täze tapgyryna ynamly gadam basdy. Jemgyýetimizde ykbal kesgitleýji düýpli özgertmeleriň sazlaşykly we tapgyrlaýyn durmuşa geçirilmegi, olaryň kanunçylyk binýadynyň döwrebap kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň syýasy- jemgyýetçilik durmuşynda demokratik ýörelgeleriň barha çuňlaşdyrylmagy agzybir we jebis halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyny ygtybarly üpjün edýär.

Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagy, her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagy ilatymyzyň durmuş goraglylygyny we maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrýar. Ilatymyzyň erkana ýaşaýşy, asuda dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertler döredilýär.