Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatdaky milli maksatnamalara laýyklykda, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Daşoguz welaýatynda-da ykdysady pudaklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, olara öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy. Ilatyň abadançylygy, bagtyýarlygy üçin, şol sanda ylym-bilim, saglygy goraýyş ýaly durmuş ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly netijeli çäreler durmuşa geçirildi.
Milli Liderimiziň başlangyçlary hem-de hemaýat-goldawlary esasynda, demirgazyk sebitde milli ykdysadyýetimiziň ýerli düzümleri sazlaşykly ösýär we täze kuwwatlyklar döredilýär. Döwrebap obalarda, ýurduň çäk-dolandyryş binýadyny pugtalandyrýan täze şäherçede, täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynda häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän kämil durmuş düzümleri kemala getirilýär. Bu ajaýyplyklar egsilmez eşretleriň hözirini görýän, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesi bilen üpjün edilen bagtyýar adamlaryň kalbynda buýsanç hem söýgi, mizemez ynam duýgularyny döredýär, olary zähmet ýeňişlerine, täze üstünliklere ruhlandyrýar.