Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

15 Ýanwar 2021
1649

GABADYMDAN GÖRÜNMÄN GEÇEN GÜN

Kakamyň oturýan otagynyň penjiresi pesdedi — ýerden, bolaýsa, 2-3 garyş ýokardady. Indi ýadyma düşüşine görä, ol sähel başyny galdyrsa, ýassygyny tirsekläp ýatan ýerinden hem daşarda nämeleriň bolup geçýänini görüp bilýän bolmaly. Çagalyk-da, gowur turuzman, bezzatlyk etmän bolýarmy? Penjiräniň öňünden eýläk-beýläk ötmekçi bolanymyzda, bukdaklabrak geçýärdik. Habarymyz ýok, omadaklap barsaň, has-da göze ilginç bolýanlygyndan. Beýtmegimize-de sebäp bolan zat, kakam bir gezek: «Köşek patanaklan ýaly, düňk-düňküňiz ýatmady-la...» diýip käýinipdi...

Orazmyrat MYRADOW,
«Nesil».