«Ölçerme odumy...» («Mätäji hakyndaky hekaýalar» toplumyndan)

14 Ýanwar 2021
1908

Hally Mätäji şahyryňka gün guşluk boluberende bardy. Bu mahal şahyr üzümli haýatynyň içindäki işlerini birýüzli edip, işikdäki äpet zerdalynyň aşagynda palçykdan galdyrylan sekiniň üstünde nämedir bir zadyň pikirine gark bolup otyrdy. Haşamly derwezeden giren ýaş ýigidi görenden, onuň agyr pikiri düw-dagyn boldy. Ýüzi ýagtyldy. Ýeňillik bilen ýerinden turup, myhmanyny garşylady.

— Geleweri, Hally jan, öten agşamdan bäri kararym ýetmän, şol bitakat bolup otyryn. Ekin bilenem, iş bilenem serim ýok. Küýüm-köçäm geçeni ýatlap, ýaşlykda düzülen şygyrlarymy birme-bir gaýtalap, öz ýanymdan:

Nowruz GURBANMYRADOW,
ýazyjy.