TÜRKMENISTAN — ÝUNESKO: medeni diplomatiýa rowaçlanýar

14 Ýanwar 2021
2000

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz Täze, 2021-nji ýyla ýagşy niýetler, hoşniýetli arzuwlar bilen gadam basdy. Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyryp, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrýar, watandaşlarymyzy belent maksatly beýik işlere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bagtyýar watandaşlarymyzyň köňül şatlygyny artdyran bu taryhy waka Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmakda, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermekde, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda medeniýet ulgamynda giň möçberli maksatnamalar, döwrebap taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, döwrebap, kämil eserleri döretmek ugrunda ähli zerur şertler döredilýär. Milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, gorap saklamak, olaryň ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak boýunça toplumlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gymmatlyklarymyzy öwrenmek, olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda yzygiderli tagallalar edilýär.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf.