Aýdyň geljegiň nury

13 Ýanwar 2021
1803

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň egsilmez yhlasy, öňdengörüjiligi hem-de çuň paýhasy bilen gözel paýtagtymyz gysga wagtyň içinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrüldi. Merkezi Aziýanyň merjeni hökmünde tanalýan baş şäherimiziň gözel künjekleri, seýilgähleridir ak mermere beslenen binalary, medeni-durmuş maksatly desgalary täsinligi, ajaýyp binagärligi bilen haýrana goýýar. Merjen şäherimiz Aşgabadyň özboluşly binagärliginiň, dünýä ülňülerine kybap gelýän giň we ýagty köçeleriniň, bagy-bossana beslenen seýilgähleriniň, täsin suw çüwdürimleriniň we jemgyýetçilik-medeni zolaklarynyň gysga döwrüň içinde kemala getirilmeginiň özeninde hormatly Arkadagymyzyň yhlasynyň, Watana bolan belent söýgüsiniň durandygy hemmämize mälimdir. Gözel paýtagtymyzyň ajaýyp keşbini synlamak, onuň gaýtalanmajak binagärlik aýratynlygy bilen tanyşmak maksady bilen ýurdumyza gelýän jahankeşdeleriň, daşary ýurtly myhmanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary bilen paýtagtymyzyň durky düýpgöter özgerip, sanlyja ýylyň içinde dünýäniň iň gözel şäherleriniň arasynda mynasyp orun eýeledi. Galyberse-de, gözelligiň taýsyz nusgasy bolan paýtagtymyz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermer bilen örtülen binalaryň jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrundaky Türkmenistanyň Döwlet Baýdak sütüni, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän «Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, paýtagtymyzyň Halkara howa menzili özboluşly binagärlik täsinlikleri bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.

Aşgabadyň gözellikleri häzirki wagtda köpleri haýrana goýýar. Olimpiýa şäherçesi, «Ylham» we «Aşgabat» seýilgähleri, «Berkarar», «Bagtyýar», «Aşgabadyň ýalkymy» söwda-dynç alyş merkezleri, Janly tebigatyň milli muzeýi, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň üstüni ýetiren Welosiped binasy, «Altyn köl» dynç alyş zolagy, mahlasy, bu sanawy uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Bu bolsa paýtagtymyzyň at-owazasyny has-da belende göterýär. Berkarar döwletimiziň baş şäheri Aşgabat diňe bir owadanlygy bilen däl-de, eýsem, Ýer ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli merkez hökmünde tanalýar. Paýtagtymyzda BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Laçyn HYDYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.