Ylahy ylhamyň nurly mähri dünýäni çoýýar

13 Ýanwar 2021
2027

Ylham Ylahy bolan ýagdaýynda misli belent-belent daglaryň göwsünden joşup çykan bol hem tereň suwly çeşme mysaly. Her kimiň ondan ruhy teşneligini gandyrasy, bedenini kuwwatlandyrasy, has-da manyly, joşgunly, ruhubelent, gözel ýaşamaga bolan höwesini artdyrasy, kalbynda niçeme ýyllardyr jogapsyz galan sowallaryň birin-birin çözgüdini tapasy gelýär. Ylahy ylhamyň ynsan kalbyna edýän oňaýly täsiri onuň gündelik hereketlerinde kemal tapýar. Ynsanperwerlik diýen mukaddes kelam onuň kalbynda ömürlik orun tutýar. Ylahy ylhamyň nurly hem-de yssy mährinden ruhy teşneligini gandyran ynsan kämillige tarap ýene bir ädim gadam basýar.

Akyldarlaryň biri kitaby akylly ynsanlaryň döreden bagy-bossanyna deňäpdir. Ol bagyň şirin miwesinden bir dadan adam hemişe şol bagyň arzuwynda gezýär. Ol miwe şirin kelama öwrülip, halklardan halklara, kalplardan kalplara ýol salyp gidip otyr. Ol kelam bolsa göwünleriň isleginden, nesilleriň arzuwyndan gana-gana suw içip, ullakan bir daragta öwrülýär. Ol daragtyň pür-pudagy bolsa dünýä halklarynyň ýaşaýan menzil — mekanyna sary uzap gidip otyr. «Ýürekden çykan söz ýürege ýeter» diýilmeýärmi eýsem?! Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Kimde-kim alymlaryň sözüni diňläp, olara hormat edýän bolsa, ol adamyň ýoly açyk bolýar, oňa köp haýyrly işler miýesser edýär» diýip, heniz ýaş wagtlarymyzda ýaşulularyň gürrüň berýändigini hemişe ýatlaýaryn» diýilýär. Mähriban Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan, nesilleriň göwün islegini bir jümlä jemläp, 2021-nji ýyly «Halkara — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» diýip atlandyrmak baradaky başlangyjy BMG-de dünýä halklary tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Soňra bu başlangyç eziz Diýarymyzda hem 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmak bilen giňden şöhlelendi.

Akmyrat MEREDOW,
«Watan».