Bir heýkel bar — dutar

13 Ýanwar 2021
1837

süňňi daşdan bolsa-da, ýürekleri ýumşadýar

Men ony her gün-ä diýmäýin, ýöne aýda bir, bolmanda, iki aýdan bir gezeg-ä hökman görýärin. Her gezek görenimde-de, has dogrusy, daşyndan aýlanyp geçenimde, çünki ol uly çatrygyň ortasyndaky tegelekde ýerleşdirilipdir — «Ussaňa berekella!» diýip geçýärin. Sizem şeýlesiňiz-le, ony görmezlik, görübem haýran galmazlyk mümkin däl. Sebäbi ol — dutara dikilen heýkel.

Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.