Bagtyýarlygyň aýdyň nusgasy

12 Ýanwar 2021
2843

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Şonuň netijesinde halkara giňişliginde hem onuň abraý-mertebesi barha belende galýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi, ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil ýaşlar bolup ýetişmegi hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz: “Häzirki zaman demokratik jemgyýetini kemala getirmek üçin bizde amatly şertler bar. Bu jemgyýetiň esasy gymmatlygy adamdyr we onuň baş maksady adamyň abadançylygyny hem-de bagtyýarlygyny üpjün etmekdir, baş ýörelgeleri bolsa ynsanperwerlik, adalatlylyk we ruhubelentlikdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady reformalar biziň “Döwlet adam üçindir!” diýip yglan eden baş ýörelgämiziň gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr” diýip parasatly belleýär. Şonuň üçin hem halkymyzyň abadan we bagtyýar ýaşamagy ugrunda döwlet tarapyndan uly aladalaryň edilýändigini aýratyn bellemek gerek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadanlyk we parahatçylyk ýoly bilen barýan Diýarymyz asyrlara barabar üstünliklere beslenýär.

«Mugallymlar gazeti».