«Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy»

12 Ýanwar 2021
1733

Türkmeniň dana Magtymgulusy «Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy» diýipdir. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby, ilkinji nobatda, türkmeniň beýik şahyrynyň halk, nesil saglygyny, ruhubelentligini gazanmaga degişli ündewleriniň durmuşa geçirilişini hem şöhlelendirýär. Şeýle bolansoň, mähriban Arkadagymyz alym we lukman hökmünde, dermanlyk ösümlikleri dogry we talabalaýyk ulanmagyň zerurdygyny, däri dermanlar dogry ulanylanda, adamlaryň ondan anyk peýda tapjakdyklaryny öwran-öwran nygtaýar.

Alym Arkadagymyz: «Biziň ata-babalarymyz ilkinji «tebigy dermanhana» hasaplanan dermanlyk ösümliklere ýüzlenipdirler» diýmek bilen, her bir dermanlyk ösümlik hakynda söz açanda, onuň halk lukmançylygyndaky orny baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrýar. Ata-babalarymyzyň dürli dertlerde, aýratyn-da, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni almakda buýandan emleri taýýarlamagyň ähmiýetini, müň bir derde em bolýan buýanyň köküniň häsiýetini, biologik aýratynlyklaryny we himiki düzümini beýan edeninde, dem alyş ýollarynyň sökelliklerinde, üsgülewükde buýan köküni ýerlikli we ylmy esasda peýdalanmagyň anyk ýollaryny salgy berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyndaky maglumatlarda il arasynda «süýji buýan» diýlip hem atlandyrylýan bu ösümligiň «...ylmy hem-de halk lukmançylygynda içdäki ýaraly keselleriň, üsgülewügiň, böwrek, ýokarky dem alyş ýollarynyň, onikibarmak içegäniň sökelliklerinde sürgi hökmünde ir döwürlerden bäri ulanylyp gelinýändigi» we melhem hökmünde ulanylyşynyň aýratynlyklary birin-birin beýan edilýär.

Gyzylgül TAGANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.