Redaksiýanyň poçtasyndan

12 Ýanwar 2021
1627

Ýüreklerde orun tapan eserler

Mähriban Arkadagymyzyň kämil paýhasynyň önümi bolan nusgalyk kitaplary mertligiň, merdanalygyň, ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgeleriniň, Watana bolan päk söýginiň we ylym-bilimiň beýany bolup giň okyjylar köpçüliginiň söýlüp okalýan eserlerine öwrüldi. Bu nusgalyk kitaplar Köneürgenç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň hem döredijilikli zähmet çekmeklerinde möhüm gollanma bolup durýar. Hormatly Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň çuňňur many-mazmuny barada çagalar sungat mekdebiniň kitaphanasynda hem mekdebimiziň mugallymlary we okuwçylary bilen täsirli gürrüňdeşlik geçirilýär. Şeýle gymmatly eserleriň ýaş nesillerimizi terbiýelemekde ata-babalarynyň ýol-ýörelgeleriniň ösdürilmegine oňyn täsir etjekdigi biziň buýsançly başlarymyzy has-da belende göterýär. Gahryman we mähriban Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynyň lukmançylykda we derman senagatynyň çygrynyň has-da giňelmegine uly badalga berjekdigi ikuçsuzdyr. Biziň bu dabaraly çärelerimize gatnaşýan saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhemleriň ynsan saglygyna täsirli şypasy, ýurdumyzyň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hasaplanylýan ynsan saglygyny goramak boýunça döwletimizde giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada buýsançly çykyş edýärler. Mähriban Arkadagymyzyň ýaş nesillerimizi döwrebap terbiýelemekde möhüm gollanma bolup durýan şu gymmatly kitaplary adamzat nesilleriniň ýürek töründe ebedi ornuň tapjakdygy barada ýakymly duýgular kalbymyzy joşa getirýär. Biz, kitaphanaçylar mähriban Arkadagymyzyň uly aladalaryna jogap edip, döredilen mümkinçiliklerden doly peýdalanmak bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň mundan beýläk-de pajarlap ösmeginiň, dünýädäki abraýynyň has-da ýokarlanmagynyň hatyrasyna zähmetimizi gaýgyrmarys.