Başgaby zerbap elguş

11 Ýanwar 2021
3753

Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp nusgalarynyň biri-de elguş bilen aw awlamakdyr. Elguşly awçylyk müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşipdir. Türkmen halky elguşlaryň göwnejaý aw awlamagy üçin, aw esbaplarynyň birnäçesini ýasamagy başarypdyr. Olaryň arasynda zerbap matalardan keşdelenip tikilen ýa-da gaýyşdan gymmatbaha monjuklar dakylyp taýýarlanan başgaplar hem bar. Elguşa başgabyň geýdirilmegi mürüşgäre birnäçe amatlyklary döredipdir. Başgabyň esasy wezipesi belli bir wagtyň dowamynda elguşy görüşden saklaýar. Bu bolsa elguşy köşeşdirmäge ýardam berýär. Başgaplaryň elguşlara ýetirýän täsiri we awçylykdaky orny, türkmen däp-dessurlarynyň süňňüne berk ornaşyp, çuňňur öwrenilmäge mynasypdyr.

Ilkinji nobatda, başgap guşuň dyrnaklarynyň arasyndan awy almak üçin ulanylýar. Mürüşgär başgaby guşuň kellesine geýdirip, usullyk bilen awy alýar. Käbir ýagdaýlarda başgap guşy ürkmekden saklamakda hem zerur bolupdyr. Sebäbi elguş gorkup we ürküp bilýär. Ikinjiden, başy gaply guş görmekden galandan soň, adamyň eline tiz öwrenişýär. Guşuň mürüşgäriň sesini we elini tanamagy üçin, başgabyň ähmiýeti uludyr. Eger-de başgaply elguş awa girmäge taýýar edilse-de, mürüşgäriň başga bir zerur aladasy ýüze çykaýsa, günüň dowamynda ol tugurynda oturypdyr. Başgap oňa öý guşlaryna ýa-da beýleki janly-jandarlara zyýan ýetirmeginden saklanmaga kömek berýär. Başgap elguşuň güýjüni biderek ýere ýitirmezligi üçin hem ähmiýetlidir.

Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.