Maslahat geçirildi

11 Ýanwar 2021
2481

Geçen hepdäniň şenbe güni TDP-niň welaýat komitetiniň, welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde guramagynda «Mary» myhmanhanasynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň jogapkär işgärleri, welaýat medeniýet müdirliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, welaýat medeniýet müdirliginiň başlygy Öwez Gylyjow, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, welaýat medeniýet müdirliginiň hünärmeni Gözel Begliýewa, TDP-niň Türkmengala etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Muhammetnazar Täşliýew, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Töre Nobatow, «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa çykyş etdiler.