Möhüm meselelere bagyşlandy

8 Ýanwar 2021
1854

Golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň giň mejlisler zalynda köp adamly işjeň maslahat boldy. Möhüm meselelere bagyşlanan bu maslahatyň işine welaýatymyzyň medeniýet, sungat, teatr, kitaphana ulgamynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap häkimleriniň şu ugra gözegçilik edýän orunbasarlary gatnaşdylar.

Işjeň hem ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda guramaçylykly geçen bu maslahaty welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa giriş sözi bilen açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň nurana kalbyna deňelýän medeniýetimizi we sungatymyzy düýpli ösdürmek, ajaýyp nusgalyk kitaplaryny çuň öwrenmek we köpçülige wagyz etmek, «Türkmenistan— parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip mynasyp atlandyrylan ýylymyzyň her bir gününi zähmet ýeňişleri bilen bezemek, halkymyzyň baş mukaddesligi bolan şanly Garaşsyzlygymyzyň şu ýyl uly dabaralara beslenip belleniljek şöhratly 30 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly öňde goýan möhüm wezipelerini üstünlikli çözmegiň ýollary barada giňişleýin durup geçdi. Öňde goýlan möhüm wezipeleri üstünlikli we öz wagtynda amal etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr diýip, A.Durdyýewa aýratyn nygtady.

Ýörite habarçymyz.