Gymmaty egsilmejek kitap

8 Ýanwar 2021
1625

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri kitaba uly sarpa goýup, oňa egsilmez gymmatlyk hökmünde garap gelipdir. Bu hakykat halkymyzda dörän rowaýatlarda, ertekilerde, has soňrakky döwre degişli ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde beýan edilýän wakalaryň, şeýle hem köp sanly nakyllardyr atalar sözlerinde aýdyň şöhlelenýär.

Ylym-bilime we medeni mirasymyza uly ähmiýet berýän alym Arkadagymyz halkymyza ajaýyp eserlerini, ylmy-ensiklopedik işlerini yzygiderli peşgeş berýär. Milli Liderimiz 2020-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramynyň öňüsyrasynda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» eserini, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky günlerde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny sowgat etmegi tutuş halkymyz üçin mynasyp toý sowgatlary bolup, her birimiziň göwnümizi galkyndyrdy.

Gurbanmyrat KUWWADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.