Gül Watanyň goýnunda

8 Ýanwar 2021
1861

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleriniň joşguny bagtyýar çagalaryň kalbyna ýatdan çykmajak duýgulary bagyş etdi. Çagalaryň şadyýan gülkülerine şaýat bolanyňda olaryň bagtyýar döwrüň bagtly balalarydygyna göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň aladalary bilen eziz Watanymyz bagtyýar çagalygyň ýurduna öwrüldi. Ady dünýä dolan ýurdumyzda ýaş nesiller üns-alada bilen gurşalýar. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň sporta, sungata bolan höwesini artdyrmak, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmek üçin dürli döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi-de uly ähmiýete eýedir.

Düýn Türkmenabat şäherindäki medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan okuwda, döredijilikde, sportda we beýleki ugurlarda tapawutlanan ýaşlaryň birnäçesine Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy. Olaryň ählisi hem mekdepde göreldeli okamak bilen birlikde jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolup, milli aýdym-saz sungatymyzy kämilleşdirmäge, ata Watanymyzyň abraýyny belende götermäge mynasyp goşant goşýan zehinli çagalardyr. Biziň welaýatymyzdan hem bagtyýar çagalaryň ýedisi bu baýraga mynasyp boldy. Olaryň eziz Arkadagymyzyň adyna aýdýan alkyş sözleri bolsa bu dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.