25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler.
Bu ýerde Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy. Soňra lukman Arkadagymyzyň garamagyna täze toplumyň binalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, enjamlaşdyrylyş aýratynlyklarynyň görnüşleri baradaky şekil taslamalary görkezildi. Olar barada saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow we sebitde iň iri Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziň gurluşygynyň alnyp barlyşyna jogapkär ýolbaşçy N.Amannepesow hasabat berdi.