Af­ri­ka yk­ly­myn­da be­ýik Py­ra­ga sar­pa

17 sagat öň
17

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li Ýer ýü­zü­niň çar kün­je­gin­de — Azi­ýa, Ýew­ro­pa, Ame­ri­ka yk­lym­la­ryn­da dür­li maz­mun­ly çä­re­le­riň 170-e go­la­ýy ge­çi­ril­di. Şa­hy­ryň gym­mat­ly mi­ra­sy ÝU­NES­KO, TÜRK­SOÝ ýa­ly ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­riň hem üns mer­ke­zin­de bol­dy. Şan­ly ýy­lyň ahyr­ky gün­le­rin­de-de türk­men hal­ky­nyň be­ýik og­lu­nyň ady ýe­ne bir tä­ze meý­dan­ça­da — Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ICESCO) ştab-kwar­ti­ra­syn­da ýaň­lan­dy. Go­laý­da şol ýer­de ge­çi­ri­len çä­re­le­re gat­naş­mak üçin Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry M.Bä­şi­mo­wa­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet Ma­rok­ko Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Ra­bat şä­he­rin­de iş sa­pa­ryn­da bol­dy.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ÝU­NES­KO) adam­za­dyň mad­dy we ru­hy me­de­ni­ýe­ti­ni go­ra­mak, öw­ren­mek, wa­gyz et­mek ba­bat­da tu­tuş dün­ýä de­re­je­sin­de iş alyp bar­ýan iň esa­sy dü­züm ha­sap­lan­ýar. Tür­ki gi­ňiş­lik­de bu we­zi­pä­ni Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) ýe­ri­ne ýe­tir­se, mu­sul­man dün­ýä­sin­de Ys­lam dün­ýä­si­niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy (ICESCO) hut şu ug­ra ýö­ri­te­le­şen dü­züm hök­mün­de yk­rar edil­ýär. 1979-njy ýy­lyň ma­ýyn­da Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len ICESCO-nyň mak­sa­dy gu­ra­ma ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da bi­lim, ylym, me­de­ni­ýet, kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­den, halk­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­me­gi ber­kit­mä­ge ýar­dam et­mek­den yba­rat. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Ma­rok­ko­da­ky çä­re­le­riň öňü­sy­ra­syn­da türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy­nyň ICESCO-nyň Baş di­rek­to­ry Sa­lem bin Mo­ham­med Al Ma­lik bi­len ge­çi­ren du­şu­şy­gyn­da-da ýurt­lar­dyr halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­lar­da me­de­ni dip­lo­ma­ti­ýa­nyň äh­mi­ýe­ti­ne aý­ra­tyn üns çe­ki­lip, hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy.