Türk­me­nis­tan Tä­ze ýy­ly gar­şy­la­ýar

18 sagat öň
23

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çen 2024-nji ýyl üs­tün­lik­li ta­mam­la­nyp bar­ýar. Şu gün­ler Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ag­zy­bir hal­ky Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň şöh­rat­ly iş­le­ri­ni do­wa­ma­ta atar­jak tä­ze, 2025-nji ýy­ly gar­şy­la­ma­ga ulu­dan taý­ýar­lyk gör­ýär. Ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy­nyň dür­li yşyk­lar­da ýal­kym saç­ma­gy bol­sa uzak ga­ra­şy­lan, hem­me­ler üçin ýa­kym­ly Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry­na öz­bo­luş­ly ba­dal­ga bol­dy.

Asyl­ly dä­be gö­rä, her ýyl paý­tag­ty­myz­da­ky «Älem» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da giň ge­rim­li da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Se­kiz­burç­ly ýyl­dyz we «2025» ýaz­gy bi­len be­ze­len, köp san­ly kü­müş­söw gar­ja­gaz­lar­da, dür­li öwüş­gin­dä­ki yşyk­lar­da ýal­kym saç­ýan Baş ar­ça­nyň be­ýik­li­gi 44 met­re, ini bol­sa 16 met­re deň­dir. 15-nji de­kabr­da kör­pe­le­riň is­le­gi bo­ýun­ça Aýaz­ba­ba­nyň ja­dy­ly ta­ýa­gy­nyň kö­me­gi bi­len owa­dan be­ze­len ar­ça­nyň yşyk­la­ry ýa­kyl­dy. Şol pur­sat ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da­ky şä­her­le­riň baş meý­dan­ça­la­ryn­da gur­na­lan Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­nyň äh­li­si hem ja­dy­ly yşyk­lar­da ýal­kym saç­dy. Bu ýer­ler­de-de kö­pö­wüş­gin­li baý­ram­çy­lyk çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, aý­dym­dyr saz­lar be­lent­den ýaň­lan­dy. Ça­ga­lar öz şa­dy­ýan aý­dym­la­ry bi­len Tä­ze ýyl ar­ça­la­ry­nyň da­şyn­dan aý­lan­dy­lar.