«Ýy­lyň par­lak ýyl­dy­zy» yg­lan edil­di

18 sagat öň
22

Türk­me­nis­ta­nyň Alp Ars­lan adyn­da­ky mil­li dra­ma teat­ryn­da ge­çi­ri­len «Ýylyň parlak ýyldyzy» at­ly aý­dym-saz bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry Tä­ze ýy­lyň öňü­sy­ra­syn­da­ky däp bo­lan baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri­niň mak­sat­na­ma­sy­nyň aja­ýyp wa­ka­la­ry­nyň bi­ri bol­dy.

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hem-de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan şu ge­zek­ki bäs­le­şi­ge ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­dan, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­den to­ma­şa­çy­lar köp­çü­li­gi­niň öňün­de öz us­sat­ly­gy­ny gör­kez­mek is­le­ýän 17 — 35 ýaş ara­ly­gyn­da­ky ze­hin­li ýaş est­ra­da aý­dym­çy­la­ry gat­naş­dy­lar. Dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi bir­nä­çe saý­la­ma tap­gyr­lar­da ge­çi­ril­di. Des­lap­ky tap­gyr­la­ryň do­wa­myn­da emin ag­za­la­ry bäs­le­şi­ge gat­naş­ýan­la­ryň için­den has ta­pa­wut­la­nan, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­lik us­sat­ly­gy bo­lan, to­ma­şa­çy­la­ryň söý­gü­si­ni ga­za­nan, te­le­to­ma­şa­çy­la­ryň we ra­dio­diň­leý­ji­le­riň has köp se­si­ni top­lan ýaş­la­ry se­çip al­dy­lar. Ola­ryň kö­pü­si eý­ýäm Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­ýän dür­li fes­ti­wal­lar­da çy­kyş edip, tej­ri­be top­la­dy­lar. Bäs­le­şi­giň no­bat­da­ky tap­gy­ry baş baý­ra­gyň eýe­si­ni kes­git­le­mek­den yba­rat bol­dy. Bu işe aý­dym-saz sah­na­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li us­sat­la­ry hem go­şul­dy­lar.