(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).
Mahabatyň brendleme görnüşi. Ol, esasan, satuwy güýçlendirmek üçin däl-de, kompaniýany tanatmak üçin hereket edýär. Ruçka (syýa galam), kürüşge, ýandepderçe we ş.m. görnüşindäki mugt kiçijik ýadygärlikler müşderini mahabat berijä has gowy çeker we oňa şol kompaniýany ýatda saklamaga kömek eder. Eger brend eýýäm tanalýan bolsa, onda ol ýadygärlik önüm imiji saklamaga ýardam eder.