Aşgabadyň binalary

17 sagat öň
13

Dünýä meşhur eziz ady, il-ulusyň göwün şady,
Haýran edýär ýakyn-ýady Aşgabadyň binalary.
Baky bahar-ýaza eýe, kalba direg, köňle söýe,
Ýaraşyk her toýdan-toýa Aşgabadyň binalary.

Göz aýlasam ýekän-ýekän, ömre nurdur ata mekan,
Polat ýaly berk hem mäkäm Aşgabadyň binalary.
Garaşsyzlyk binasyn gör, durşy bilen aýdym-mukam,
Buýsanjym, synmaz mertebäm — Aşgabadyň binalary.

Osmanberdi GURBANGELDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.