Keremli sözüň sarpasy

16 sagat öň
20

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasa ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy halkymyzyň medeni durmuşynda örän ähmiýetli waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinden, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýolundan, halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik taglymatyndan söz açylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň taryhy-medeni hem-de ruhy mirasyndan söz açýan ajaýyp eser bolup, ýaş nesillerimizi terbiýelemekde, olaryň aň-bilimini kämilleşdirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Çünki hakyda halkyň şöhratly geçmişiniň, aýdyň geljeginiň binýadydyr.

Bahar AŞYROWA,
uly leýtenant.