Bagtyň binýady, rowaçlygyň çyragy

15 sagat öň
26

Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli özgertmelerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesi älem içre barha belende galýar, parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgeleri giňden dabaralanýar. Muňa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hut üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň asylly başlangyçlary esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şeýle hem 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna laýyklykda Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Baş Assambleýanyň Kararnamalarynyň ikisi bilen resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmak bilen, ata Watanymyz parahatçylyk, howpsuzlyk, özygtyýarlylyk ýörelgelerine eýerip, halkara syýasatda wajyp orny eýeleýär. Güneşli ýurdumyzyň daşary syýasaty sebit we halkara derejesinde durnuklylygyň, ösüşiň bähbitlerine dialogy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ata ýurdumyz Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryna möhüm goşant goşýar. Golaýlaşyp gelýän 2025-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Biziň her birimiz üçin iňňän möhüm ähmiýete eýe bolan bu taryhy waka demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyksöýüji halkymyzyň halkara at-abraýyny has-da belende göterýär, Ýer ýüzünde parahatçylyk, birek-birege düşünişmek, dostluk däplerini giňden dabaralandyrýar. Geçen taryhy döwür ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

Dinara JUMAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.