Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan.

1 gün öň
26

Uzak-uzak menzil aşyp, ynsan gadymyýetden geljege barýar. Geljek — nämälimlik. Geçmiş bolsa, dolanuwsyzlyk. Bularyň aralygynda «häzirki zaman» bar. Wagt dowamlylygyna nähili many çaýylandygy şol «şu günden» görünýär. «Şu gün» — geljegiň gönezligini özünde saklaýar, binýadyny berkidýär. «Şu gün» — düýnüň durmuş tejribesiniň toplan gymmatlygyny ýaşadýar. Şonuň bilenem oňa ömür berip bilýär. Sebäbi «ýaşamagyň» özi durmuşyň janlylygynyň alamaty, ol dowamaty aňladýar. Dowamatyň nähili zeýillidigi ynsana köp babatda baglydyr. Dowamatyň hem biologik, hem ruhy usulda ýüze çykýandygy ynsanyň ýaşaýşynyň kanuny ýagdaýydyr.

Durmuş bir akgynly derýa mysaly. Onuň gomlary, aslynda, tebigatyň hökmürowanlygynyň netijesi. Ýöne deňizçi derýanyň asudalygynda süýji hyýala çümüp, göwün ýüwürdýär. Owalynda ynsanyň bu dünýä gelmegem, onuň kesgitli ömri-de, atalarymyz aýtmyşlaýyn, ykbalyňda bary alnyňa gelýär. Bu ýerde iňňän aň etmeli alamat, tymsal, özüňem Älemi-Zeminiň goýnunda emele gelen durmuşyň akymynda barýanlygyňdyr.