Çagalaryň baýramçylyk şatlygy

1 gün öň
40

Welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň hünärmenleriniň, şeýle-de körpeleriň gatnaşmaklarynda geçirilen Täze ýyl baýramçylyk çäresi bagtyýar çagalaryň şatlyk-şowhunyna beslendi. Körpeler welaýat döwlet drama teatryndaky bezemen Täze ýyl arçasynyň döwresinde Aýazbabadyr Garpamyk, türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary bilen el tutuşyp, arçanyň daşyndan aýlandylar, şatlandylar. Eziz Diýarymyzy bagtyýar çagalygyň hem-de iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Täze ýyl baýramyny wasp edýän goşgularyny, aýdymlaryny aýdyp berdiler. Çeper okaýyşlary, owadan tanslary bilen çykyş etdiler. Şowhunly el çarpyşmalara beslenen täsirli çykyşlar göwünlerimiziň buýsanjy, abadan durmuşymyzyň bezegi bolan çagalaryň ýürek buýsançlarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Dabaraly çärede Aýazbaba bilen Garpamyk çagalara baýramçylyk sowgatlaryny gowşuryp, körpeleri has-da begendirdiler.  

Aşyrmämmet BAÝRYÝEW,
welaýat Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň baş hünärmeni, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.