Aýryljak dost bermejek zadyňy dilär.
* * *
Edebi ýoguň — uýady ýok.
* * *
Ajaly ýeten garga bürgüde pitjiň atar.
* * *
Ýamanlyk az bolsa-da, köpdür.
* * *
Aza kanagat etmedik köpe şükür etmez.
* * *
Azapdan gorkma, aýypdan gork.
* * *
Aý gije gerek, akyl — günde.
* * *
Akmakdan akyl soramak — sokurdan ýol soramak.
* * *
Öz günäsi bilen ýykylan arz etmez.
* * *
Ýalňyşmaýan dil ýok, büdremeýän — aýak.
* * *
Giren wagtyň çykalga hakda hem pikir et.
* * *
Diňlenjek ýerde gürle, suwam siňjek ýerine sep.
* * *
Dilden balam damar, zäherem.
* * *
Suwuň atasy — çeşme, sözüň atasy — gulak.
* * *
Hemme atdan bedew çykmaz, hemme guşdan laçyn bolmaz.