Tymsallar

16 sagat öň
28

Gözýetim

Bilesigeliji ýaş ýigitde gözýetimiň aňyrsynda nämeleriň bardygyny bilmek höwesi döräpdir. Ol şoňa ýetmek üçin ýola düşüpdir. Ýigit öňe ýöredigiçe gözýetim hem ondan daşlaşypdyr. Ol ylgapdyr, ýöne gözýetime golaýlaşmak başartmandyr. Ýigit otla münüp, has çalt hereket edipdir, ýöne ýene-de onuň tagallalary ýerine düşmändir. Soňra ol gämide ýüzüpdir, şonda-da ol gözýetimiň yzyndan ýetip bilmändir. Şol wagtlar gözýetim oňa örän täsin we şu döwre çenli hiç kim tarapyndan üsti açylmadyk syrlara baý ýaly bolup görnüpdir. Ol ýolda paýhasly adamlar bilen gürrüňdeş bolupdyr, köp syrlara akyl ýetiripdir, ýöne gözýetime bir ädimlik hem golaýlaşmandyr.

Toplan Toýly HYDYROW,
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.