Sagdyn bolup ýaşalyň!

7 Ýanwar 2021
1690

Howanyň sowamagy bilen baglylykda döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, şu günler welaýat, şäherdir etrap häkimlikleriniň ýörite meýilnamalary esasynda welaýatymyzyň çäginde wagyz-nesihat, düşündiriş işleri alnyp barylýar. Edara-kärhanalaryň, guramalaryň zähmet toparlarynyň, şeýle-de şäherdir şäherçeleriň, obalaryň ilatynyň arasynda geçirilýän şeýle işleriň netijeliligi hem gazanylýar.

ÄNEW. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde welaýat merkezinde ýerleşýän Milli «Ak bugdaý» muzeýinde, welaýat Medeniýet müdirliginde geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary örän täsirli boldy. Olara ady agzalan muzeýiň we müdirliginiň işgärleri gatnaşdy.