Täze ýyl baýramy dünýä ýurtlarynda

2 gün öň
43

Täze ýyl baýramçylygy hemmeler üçin uzak garaşylýan hem-de uly höwes bilen bellenilýän baýramlaryň biri. Bu baýram dünýäniň köp ýurtlarynda şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Täze ýyl baýramy ynsanlaryň kalbyna nur paýlap, olary ýagşy umytlara, ýakymly arzuwlara besleýär.

Täze ýyl baýramçylygynyň döreýiş taryhyny bilmek hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek. Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde milady senenamasy ulanylýar. Täze ýyl baýramçylygynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, onuň belleniliş tertibi, däpleri hem üýtgeýär. Gadymy Rimde Täze ýyl baýramy mart aýynyň 1-ine bellenilip geçilipdir. Soňra Gadymy Rimde miladydan öňki 46-njy ýylda, imperator Ýuliý Sezaryň Täze ýyl baýramçylygyny 1-nji ýanwara geçirmek barada karar çykarmagy bilen, bu baýram şol senede bellenilip başlanypdyr.

Perman HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.