Täze ýylyň ýalkymy

2 gün öň
156

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-şowhuny çar tarapa ýaň salýar. Täze ýyl arçalarynyň owadan bezegleri ýürekleri buýsandyrýar. Dürli görnüşli oýnawaçlardyr çyralar bilen bezelen arça diňe bir çagalaryň däl, ulularyň hem göwünlerini göterýär. Baş arçanyň daşynda körpeler üçin Aýazbabadyr Garpamyk hem-de ertekiler dünýäsiniň gahrymanlary bilen bilelikde şatlanmak has ýakymly.

Şu günler ýurdumyzda bosagada duran Täze — 2025-nji ýyly mynasyp garşylamak üçin taýýarlyk işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl mähriban Diýarymyz, bagtyýar halkymyz üçin hemmetaraplaýyn üstünlikli, düşümli ýyl boldy. Her bir baýramçylyklarda, şanly senelerde özboluşly toý lybasyna beslenýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde hem golaýlap gelýän Täze ýyl baýramynyň öwüşgini özboluşly şöhlelenýär. Ak şäherimiziň binagärlik keşbinde ýokary ussatlyk bilen döredilen ajaýyp öwüşginler, «Täze ýylyňyz gutly bolsun!», «2025» ýazgylary bolsa her bir adamda ýakymly täsirleri döredýär, şatlykly pursatlary bagyşlaýar. Täsin görnüşde bezelen dürli öwüşginli yşyklar, baýramçylyk çyralary Täze ýylyň täsirini we joşgunyny has-da artdyrýar.

Aýnabat TOÝLYÝEWA,
Köneürgenç etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.