Baýramçylyk dabaralarynyň şatlyk-şowhuny

2 gün öň
146

Täze ýyl baýramy şatlyk-şowhunyň, ruhubelentligiň, täze arzuw-umytlaryň baýramy hasaplanylýar. Bu baýramçylyga nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp barýan körpeje ýaş nesillerimiz bilen bir hatarda, islendik ýaşdaky adam hem sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Täze ýyl baýramynyň golaýlap gelýän günlerinde bolsa, bu ajaýyp baýramçylygyň şowhuny has-da artýar. Ine, şeýle ajaýyp günlerde ajaýyp baýramçylyk bolan Täze ýyl mynasybetli ýurdumyzda dürli dabaralar, çäreler, şowhunly konsertler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle dabaralaryň hatarynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan daşary ýurtly belli estrada aýdymçylarynyň konsertlerini görkezmek bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Täze ýyly garşylaýan paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi baýramçylygyň şowhunyny artdyrýar. Bu baýramçylyk konsertleri mähriban halkymyzda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary galdyrýar hem-de kalplarynda guwanç, buýsanç duýgularyny oýarýar. Ýurdumyzda ýokary ruhubelentlikde geçirilýän şeýle baýramçylyk dabaralarydyr konsertler halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny, bagtyýarlygyny alamatlandyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmagyna ýakyndan ýardam eder.

«Mugallymlar gazeti».