Akyldaryň şygyrlarynda tebigatyň waspy

20 Dekabr 2024
64

Halkymyz ähli döwürlerde ene topragy sarpalap, tebigata aýawly çemeleşipdir, onuň gözelliklerinden ylham hem-de ruhy güýç alypdyr. Şonuň üçin-de, söz ussatlarymyzyň şygyrlarynda tebigatyň gözelligi, onuň ynsan bilen arabaglanyşygy giňden beýan edilýär. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem türkmen tebigatynyň ajaýyplygyny, onuň syrlaryny öz goşgularynda çeper beýan edip, keremli mekanyň waspyny dünýä ýaýan söz ussadydyr. Akyldar şahyryň ynsanperwerlige ýugrulan filosofik garaýyşlary ynsanda Watana bolan söýgi, tebigata we onuň baýlyklaryna aýawly garamak hem-de geljekki nesiller üçin aýap saklamak ýaly asylly duýgulary döredýär.

Tebigat, tebigy hadysalar bilen bagly setirler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr öz goşgularynda tebigatyň syrlaryny dana pikirleriň üsti bilen beýan etmegi başarypdyr. Tebigatyň kanunalaýyklygy esasynda bahar pasylynyň, Nowruzyň gelmegi bilen, topraga ýylylygyň girip, onuň ýagyş-ýagmyrdan ganýandygy, daş-töweregiň ýaşyl dona bürenip, ýaşaýşyň täzelenýändigi akyldaryň «Duman peýda» atly goşgusynda beýan edilýär:

Ja­han NUR­LY­ÝE­WA,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.