WATANYMYZYŇ GELJEGI ÝAŞLAR BILENDIR

20 Dekabr 2024
62

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Geljekki nesil hakynda alada — munuň özi ertirki güne iň bir ygtybarly, akylly-başly maýa goýumydyr, bilim ulgamy, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr» diýip, aýratyn nygtamagy hem bu ugurda tutuş ýurdumyz boýunça amala aşyrylýan esasy ýörelgeleri aýdyňlaşdyrýar.

Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna dahylly möhüm meselelerde uly işjeňlik görkezýän türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň ösüşine, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine öz goşantlaryny goşmagy wajyp hasaplaýarlar. Olaryň öňünde ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak arkaly täze taryhy eýýamda başy başlanan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmek, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary, geljegi uly taslamalary, meýilnamalary durmuşa geçirmek wezipeleri durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde, öňde goýlan beýik maksatlara ýetmekde ýaşlara, hususan-da, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna aýratyn orun degişlidir.

Ýazpolat KERIÝEW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.