Baş arça — täze bagtyň buşlukçysy

19 Dekabr 2024
145

15-nji dekabrda ýylyny uly üstünlikler bilen jemleýän bagtyýar halkymyz we nurana geljegi gurujylar bolan ýaş nesillerimiz ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen eşret çyragynyň täsin öwüşginlerine beslendi. «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança milli aýdym-saz we teatr sungatymyzyň gözel görnüşlerini köňüllere nagyşlady. Aýazbaba bilen Garpamygyň Arkadag şäherinden uly dabara bilen başlanan ýoly paýtagtymyzdaky şatlykly pursatlaryň içinden geçip, olar Täze ýylyň ajaýyp nyşany — Baş arçanyň ýanyna geldiler. Jadyly ertekiler dünýäsine ýugrulan ajaýyp çykyşlar şadyýan çagalaryň saýrak dillerinde owazlandy. Baş arçanyň daşyndan çagalar bilen gol tutuşyp aýlanan Aýazbabanyň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza, bütin halkymyza tüýs ýürekden aýdan gutlag sözleri 2025-nji ýylyň buşlugyny tutuş ýurdumyza ýaýdy. Aýazbabanyň jadyly taýajygy bilen Baş arçanyň ýakylan yşyklary bolsa eziz Watanymyzda Täze ýyl açralaryny täsin öwüşginleri bilen nurlandyrdy.

* * *

Ýörite habarçymyz.