Düşewündi artýar

15 Dekabr 2024
21

Ispaniýanyň «Inditex» kompaniýasy 2024-nji ýylyň üç çärýeginiň jemi boýunça düşewündini 7,1 göterim, arassa peýdasyny bolsa 8,5 göterim artdyrdy. Fewral — oktýabr aýlarynda kompaniýanyň arassa peýdasy 4,449 milliard ýewro ýetdi. Görkezilen wagtyň dowamynda kompaniýanyň düşewündi bolsa 27,422 milliard ýewro deň boldy.

Maglumat üçin, kompaniýa ispaniýaly milliarder Amansio Orteganyňkydyr. Şeýle-de «Inditex» kompaniýasy 5659 eşik dükanyny dolandyrýar. Olaryň arasynda «Zara» we «Zara Home», «Pul&Bear», «Massimo Dutti», «Bershka» hem-de «Oysho» dükanlaryň bardygy bellärliklidir.

Taýýarlan: Şirin ÖWEZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.