Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

18 Dekabr 2024
70

. . . Dessanlaryň käbirinde iki ýurduň patyşasynyň ýa-da wezir bilen patyşanyň dostlugy hakynda söz açylýar. Dostluk hakyndaky tymsallar Soltansöýün bilen Myralynyň arasyndaky wakalarda hem beýan edilýär. Bu ikisiniň dostlugynyň hem öz taryhy bar. Ol barada biziň köpimize çaga wagtymyzda gürrüň berendirler. Şol ýakymly pursatlar siziň ýadyňyzdan çykyşan bolmagy mümkin. Şonuň üçin ony şu ýerde ýatlaýyn diýdim.

Patyşanyň perzendi bolmaýar. Gurrandazlar gurra taşlap, müneçjimler asmana seredip, bir gürrüňi beýan edýärler: ýokarda guýrukly ýyldyz görnende, enäniň göwresinde galan çaga üýtgeşik akyl we zehin berilýär. Şol şertde iki oglan we bir gyz — Soltansöýün patyşa, Myraly we Gülpam dünýä inýär. Soltansöýüniň guýrukly ýyldyzyň täsiri bilen üýtgeşik akylly beýleki iki ýoldaşyny gözleýşiniň hem öz taryhy bar. Ol şähere aýlanyp, her hili synag bilen olary tapmaga synanyşýar. Wakalaryň dowamy size tanyşdyr. «Gülpam» dessanyny zehinli dessançy bagşy Gurt Ýakubowyň aýtmagynda diňlänleriň ony unutmajakdygyny bilýärin. Soltansöýün bilen Myralyny ýiti akyl-paýhaslylyklary ýakynlaşdyrýar. Köşkdäkileriň Soltansöýün bilen Myralynyň arasyndaky dostluk gatnaşygyna gözleri gidipdir. Olaryň dostlugyna zeper ýetirmäge çalyşýanlaram bolupdyr.