Ussadyň şanyna dikeldilen heýkeller

18 Dekabr 2024
87

Heýkellerde ynsan ykballary ýaşaýar. Olaryň deňesinden geçeniňde, gulagyňa ajaýyp seda eşidilýän ýaly hamala. Ýüregiňi beýik ykballaryň ruhy gurşap alýar. Ilkibada bu ahwaly geňleseňem, soňra heýkelleriň täsirine düşendigiňi, olaryň syrly dünýäsine aralaşandygyňy duýup galýarsyň. Ine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şanyna dikeldilen belent heýkeller hem bu gün diňe türkmenistanlylarda däl, eýsem, dünýä halklarynda-da gaýtalanmajak täsir döredýär. Ol agzybirlige, parahatçylyga çagyryş bolup, dünýä döwletlerini dost eýleýär. Biz hem söz ussadynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä döwletlerinde açylan käbir heýkelleri barada ýaş watançy kalbymyzdaky oýlanmalary beýan etmek isledik.

2008-nji ýyl. Magtymguly Edelbaý obasynda

Gurbanmyrat SARYÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant.