Ösüşleriň täze döwri

6 Ýanwar 2021
1753

Ata Watanymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçen 2020-nji ýylda içeri we daşary syýasatda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda ýokary sepgitlere ýetildi. Uly üstünliklere beslenen geçen ýyl türkmen halkynyň aňyna ebedilik ýazyljak taryhy we şöhratly wakalara baý boldy. Muny iki gezek BMG-niň ykraryna mynasyp bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy uludan tutulan ýylymyzda ýurdumyzda durmuş maksatly amala aşyrylan beýik işler we halkara gatnaşyklarda ýetilen belent sepgitler subut edýär.

Ösüşleriň täze döwri hökmünde taryhyň sahypalaryndan orun alan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda gazanylan üstünlikleriň ählisi, ýurt başyna geçen ilkinji gününden bäri «Döwlet adam üçindir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň miwesidir. Ynsanperwer milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalar gurlup, ulanmaga berildi. Bu babatda şeýle uly işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatynyň has-da artýandygynyň hem-de halkymyzyň durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda uly tagallalar edilýändiginiň subutnamasy boldy.

Myrat DURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.