Täzelikler

18 Dekabr 2024
115

Täze ýyl baýramynda ildeşlerimiziň sahawatly desserhanlaryny çörek we süýt önümleri bilen bezemek mümkinçiliklerini artdyrmakda «Hepdelik» haryt nyşanly hususy önümçilikde derwaýys işler alnyp barylýar.

Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowa degişli bolan bu hususy önümçilikde ýylyň başyndan bäri datly kökeleriň, peýnirli, gaýnadylan, goýaldylan süýtli, bally dorogly çörek önümleriniň we dürli tagamly süýjüleriň 28 tonna golaýy öndürilip, ilata hödürlenildi. Şeýle-de bu ýerde halkyň uly isleg bildirýän peýnirleriniň duzly hem-de «Abywerd» ady bilen tanalýan gaty kyrkgasanak görnüşleriniň her günde 100 kilogramdan gowragy taýýarlanylýar. Önümçilikde 20-ä golaý işgär zähmet çekýär.