Bagt — parahatçylyk bilen ynamdan başlanýar

6 Ýanwar 2021
1768

«Ynam» diýilse, meniň ýadyma kiçijik çaga wagtlarymyz üýşülip bir ýere gidilende, gapyny gulplap däl-de, onuň zülpüne ulurak çöp ýa-da agaç çemçe dakylyp gidilýäni ýadyma düşýär. Şol görnüş, meniň aňyma juda ýaranlygy üçin men ony henize bu güne çenli ýadymdan çykaryp bilemok. Çünki şol hereket goňşy-golamlara dag ýaly ynam bildirilýändigini aňladýar. Şeýle pugta ynamyň netijesinde bolsa, birek-birege hormat bilen söýgüden kemal tapan halk bagtyýar bolýar, ýurt durnukly parahatçylygy saklaýar, iň esasy hem, jemgyýet kämilleşýär. Hormatly Arkadagymyzyň gadam basan täze ýylymyzy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek baradaky teklibini eşidenimden hem, bada-bat meniň göz öňüme şol görnüş geldi.

Elbetde, meniň ýokarda getiren mysalym, bir şäheriň, bir ýurduň, has dogrusy, öz bagtyýar Watanymyzyň adaty durmuşyndan getirilen mysal. Gahryman Arkadagymyzyň halklaryň ynanyşmagy baradaky arzuwy bolsa, tutuş dünýäniň parahatçylyk diýlen bagta eýe bolmagy ugrundaky edilýän ägirt uly tagalla. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem, uly dünýäniň iň arzyly we iň ullakan «parahatçylyk» atly bagtyny diňe ynam bilen gazanyp bolýandygynyň umman deý çuň beýanydyr.

Aýgül GARAÝEWA,
«Esger».