Kalbymyza nagyş bolan gazal, şygra eýe sen,
Ýürekleriň töründe sen, Magtymguly Pyragy!
Şygryýetiň şalygynda göwünlere söýe sen,
Ynsanýetiň serinde sen, Magtymguly Pyragy!
Berkarar döwlet islediň eziz türkmen halkyna,
Wysalyna ýetdi türkmen Hak tarapyn ýalkana,
Bak, Lebaba, Daşoguza, Ahal, Mary, Balkana,
Gül Diýaryň barynda sen, Magtymguly Pyragy!