Ekologiýa abadançylygy

17 Dekabr 2024
105

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselesi dünýä jemgyýetiniň möhüm wezipeleriniň biridir. Ekologiýany goramak boýunça dünýäniň dürli künjeklerinde sergiler, maslahatlar, ylmy gözlegler yzygiderli geçirilýär. Ekologiýa abadançylygy Durnukly ösüş maksatlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Halkara derejede uly üns-alada bilen gurşalan bu meseläniň iň ygtybarly çözgüdi bolsa, her bir ýurduň öz gezeginde, her bir raýatyň öz ornunda daşky gurşawa aýawly garaýşyny gazanmakdyr.

Biziň Watanymyz hem ählumumy ekologiýa abadançylygyna saldamly goşant goşýar. Ýaşlara berilýän ekologik bilimleriň hatarynda kanunçylyk we medeniýet düşünjeleriniň baglanyşygyny döretmäge, ýaşlaryň bu ugurdaky düşünjelerini çuňlaşdyrmaga, bilimlerini artdyrmaga uly üns berilýär. Ösüp gelýän nesliň ekologiýa taýdan dünýägaraýşyny we düşünjelerini kemala getirmek maksady bilen, ýaşlara ekologiýa medeniýeti babatda maksatlaýyn ekologiýa terbiýesi berilýär. 2024-nji ýylda ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga gönükdirilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi bu işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Milli hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu Maksatnamada senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň döremegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň we tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça her ýyl ählihalk bag ekmek dabaralary geçirilýär, ýüzlerçe ýaş nahallar ekilýär, bu bolsa ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine önjeýli goşant goşýar.

Orazjemal BALAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, dosent, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.