Türkmeniň milli keçe sungaty

17 Dekabr 2024
108

Gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan türkmen halkynyň ajaýyp medeniýeti we sungaty bar. Milletimiziň el hünäri müňýyllyklaryň dowamynda gaýtalanmajak gözellik hökmünde ykrar edilip gelinýär. Türkmen zenanlary inçe egrip, syk dokamagy başarýarlar. Muny biz ene-mamalarymyzyň galdyran mirasyndan hem bilýäris. Gelin-gyzlarymyzyň yhlasyndan dörän halydyr palas, dürli görnüşli torbalardyr çuwallar, sünnälenip keşdelenen çyrpylardyr kürteler sungat derejesindäki milli gymmatlyklarymyzdyr. Şolaryň biri-de, milli özboluşlygyny, aýratynlygyny saklap, ýokary kämillik derejesine ýetirilen keçe sungatydyr.

Çaga wagtlarym garry mamam bize babamyň goýunlarynyň her ýylky güýz gyrkymyndan alan ýüňlerinden keçe ederdi. Mamamyň şol wagt aýdýan gürrüňleri gulagymda galypdyr: «Goýnuň ýazky gyrkymynyň ýüňini jorap, jempir we beýleki zatlar üçin ulanmak amatlydyr. Güýzki gyrkymynyň ýüňi hem keçe, palas, haly önümlerini dokamak üçin taýýarlansa gowy bolar diýerdi. Sebäbi «güýzki gyrkymyň ýüňi ýumşak bolýar» diýerdi.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.