16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär hem-de kämilleşdirilýär.