Akyldar şahyryň döredijiligini öwrenen akademik

16 Dekabr 2024
134

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň tutuş adamzadyň ruhy genji-hazynasyna öwrülen eserleri halkymyzy, ýurdumyzy dünýä tanadyp gelýän mirasymyzdyr. Şahyryň döredijiligini dürli döwürlerde, dürli ýurtly alymlar öwrenip gelipdir. Olaryň arasynda ýatlanmaga mynasyplaryň biri-de filologiýa ylymlarynyň doktory, akademik Baýmuhammet Garryýewdir.

Baýmuhammet Garryýewiň bize miras goýup giden ylmy mirasy bilen ýakyndan tanyş bolanymyzda onuň ömrüniň 67 ýylynyň 52 ýylyny ylma, hususan-da, türkmen ylmynyň ösmegine we dünýä ýaýylmagyna bagyşlandygyny görmek bolýar. Ol Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge girişen alymlaryň ilkinjileriniň biridir. Akademik şahyryň döredijiliginiň gaýry döwletlerde tanymal bolmagy ugrunda-da uly erjellik görkezen alymdyr. Onuň ylmy işleriniň aglabasy Magtymgulynyň köpugurly döredijiliginiň dürli ugurlaryny açyp görkezýär. Akademik Magtymgulynyň umman ýaly döredijiligini düýpli öwrenmek bilen ençeme ylmy makalalary hem-de kitaplary ýazýar. Magtymguly Pyragy — söz ussady, onda-da döredijilikde deňi-taýy bolmadyk söz ussady. Onuň şygyrlaryndaky birnäçe setirler atalar sözüne ýa-da nakyla öwrülmek bilen, bu günki gün ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şu ajaýyp jümleler hem geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynda ýaş alymy özüne bendi edýär. 1939-njy ýyldan başlap, Magtymgulynyň döredijiligini öwrenmek Baýmuhammet Garryýewiň üns merkezinde saklanýar. Muňa alymyň ýazan ençeme monografiýalary we ylmy makalalary aýdyň şaýatlyk edýär. 1942-nji ýylda B.Garryýew M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1948-nji ýylda bolsa Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynda doktorlyk derejesini alýar hem-de türkmen edebiýatyna täze bir ugur, ýagny magtymgulyşynaslyk ugruny girizijileriň ilkinjileriniň biri bolýar.

Nabat GARRYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.