Dünýäniň parahatçylyk taglymaty

14 Dekabr 2024
249

Dünýäde şeýle bir hikmetli söz bar. Adamlaryň hoşniýetli gatnaşyklary, birek-birege ynanyşmagy şol sözden gözbaş alýar. Oňa «Salam» diýilýär. Bir-birege salamatlygy, saglyk-amanlygy, öý-maşgala abadançylygyny dilemek ýaly ýagşy arzuw-niýetler «salam» diýen sözde jemlenýär. Dünýäniň islendik halkynyň «salam» sözüniň sözköküni yzarlasaň, ynsanperwerlige ýugrulan şeýle hikmetli manylara eýedigine göz ýetirýärsiň. Diýmek, külli adamzadyň baş maksady — parahatçylyk, her bir adamyň arzuw-niýeti — abadançylyk.

Türkmen aganyň iki elini uzadyp, «Essalawmaleýkim» diýip berýän gadyrly salamynda hem uly hikmet bar. Halkymyzyň görüm-göreldesine muwapyk gelýän salamlaşmak edebindäki elleri mäkäm gysyşmakda hem ýürekdeşlige, ynanyşmaga meýil şöhlelenýär. Türkmeniň salamynda päkize asman ýaly ýüregi açyklyk, ümmülmez sähra ýaly giňlik, halkymyzyň birek-birege, dost-ýara gadyrlylygy bar.

Gurban GURBANOW,
žurnalist.