Orta Aziýada aýna işlenilip bejerilendigi baradaky ýazuw ýatlamalaryna Hytaý ýyl ýazgylarynda gabat gelinýär. Olarda biziň eýýamymyzyň V asyrynyň birinji çärýeginde reňkli aýna ýasaýan ussalar barada habar berilýär.
Alymlar olaryň ýerli ussalar tarapyndan öndürilendigi baradaky netijä gelýärler. Abu Bekr Muhammet ar-Raziniň alhimiýa degişli traktatynda aýna ýasalyşy, onuň görnüşleri barada käbir maglumatlar bar. Bu eseri okap, aýnanyň ýasalyş usulynyň ýola goýluşyna akyl ýetirmek bolýar. Ýygyndyda aýnanyň dürli görnüşiniň bolandygy barada aýdylýar.